German kompaniýasy Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini döretmekde maslahatlary berer

29.01.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalary hem-de desgalary gurmak üçin maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Germaniýanyň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, bu resminama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri sazlaşykly ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem “Arkadag şäherini ösdürmegiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykaran 598-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. 

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda daşary ýurtly hünärmenleriň, işewür düzümleriň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, türkmen tebigatynda, şol sanda Garagum sährasynda eksport ugurly harytlary öndürmek üçin ägirt uly çig mal serişdeler gorunyň bardygyny aýtdy. 

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.